Ýük daşamak işleri dünýäde giň ammarlar ulgamyna we hyzmatdaşlaryna eýe bolan professional daşaýjy tarapyndan amala aşyrylýar. Sargytlary diňe ABŞ we Türkiýe döwletlerinden däl, eýsem Ýewropa we Aziýa döwletlerinden hem hödürläp bolýar. Bazarlarda kepillikli wagtlar we elýeterli bahalara çemeleşmek bilen, şeýle hem optimal ulag ulgamyny we çykdajylaryny üpjin edýäris. Biz ulag-aragatnaşyk pudagynda dünýä liderleriniň biridiris. ASE EXPRESS & OCS we Dünýä Ulag Hyzmatlary H.J.-i kompaniýalarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygy arkaly, ýokary hilli hyzmat hödürläp we sargydyňyzy iň ýokary derejede takyk ýerine ýetirip, halkara ýük daşamak pudagynda toplumlaýyn hyzmatlaryny hödürleýär. Siziň islegleriňize we talaplaryňyza laýyklykda optimal eltip bermek ýoluny hem işläp taýýarlaýarys.
Biz Türkiýe, Germaniýa, ABŞ we Beýik Britaniýa döwletleriniň internet dükanlary we platformalary arkaly eden söwdalaryňyzy eltip bermek hyzmaty bilen üpjin edýäris, bu islendik brend dizaýner geýimleri, iň soňky model enjamlar, witaminler ýa-da hojalygyňyz üçin iýmit goşundylary,aksessuarlar, öý goşlary, oýunjaklar we ş.m. ýaly harytlar bolup biler. Sargyt etmek ýa-da satyn almak bökdençliginden gaça durmak isleýänler üçin bolsa, Siziň deregiňize sargyt edip satyn almak hyzmatymyzy hem hödürleýäris. Arzuwlaryňyzy durmuşa geçiriň - hünärmenlerimize ynanyp bilersiňiz!
Biziň hyzmatlarymyz
- Halkara çaparçylyk hyzmaty we dünýäniň ähli künjegine eltip bermek
- Howa ulaglary arkaly uly göwrümli we kiçi göwrümli ownuk ýükleriniň daşalmagy ekspedirlenilmegi (gapydan-gapa şertinde hem)
- "jemlenen ýük" şerti bilen ýük daşamak
- Ammarlama hyzmaty
- Ýükleri dessine bronlamak we soňky nokadyna çenli doly gözegçilik
- Goşmaça we täzeden gaplamak hyzmaty
- Dünýäniň islendik künjegine şahsy goş daşalmagy (gapydan-gapa şertinde hem)
- Diplomatiki ýüküniň daşalmagy (gapydan-gapa şertinde hem)
Top